Ýoda bakery

Ýoda bakery, özboluşly öý resepti bilen adaty elde öndürilýän bulka önümçiligidir. Gündelik täze bişirilýän önümler ir säher wagty bilen ýerli dükandyr-bazarlara eltilýär. Iýmit howpsuzlygy, şahsy gigiýena, kärhananyň tertip-düzgüni we önümçilik amallary boýunça tälim alan otuzdan gowrak işgär üçin iş ýeri bolup durýar.

Ýoda bakery gündelik öndürýän bulka önümleri 4000-e barabardyr.

Häzirki wagtda kärhana önümçilik liniýasyna awtomatlaşdyryş usullaryny ornaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak we öndürýän önümleriň sanyny artdyrmak baradaky maksatlary göz öňünde tutýar.